yň başyna


suratlar, fotomontažlar we başga zatlar

Gaty gysgajyk biografiýam. 

1969-a çenli hiç zat ýadyma düºenok.
1976-1984 aralygynda orta mekdebi okadym. 8 klas.
ªeýle hem 1980-1984 aralygynda Bäºim aga Nuralynyò adyny göterýän Çagalar çeperçilik mekdebine gatnadym. Mugallymym Afanasýewa Walentina Nikolaýewna. Bu ýerde okamda çagalar sergilerine gatnaºýardym, emma.ýer alanym ýadyma düºenok.
1984-den 1988-e çenli ªota daýy Rustaweli adyndaky Türkmen döwlet çeperçilik uçiliºesinde belli sungaty öwreniji Abat Muhadowanyò kurs ýolbaºçylygynda wagtymy geçirdim. Ondan «Sungadyò taryhy» sapagynda dürli çeperçilik akymlaryny höwes bilen öwrendim. Näme üçindir primitiwistler, abstraksionistler we impressionistler we azajygam sürrealistler göwnümden turdy. ªol wagtlar türkmen abstraksionisti Tokar aga Tugurow bilen gatnaºyp baºladym. Özümi erkin akymlarda barlap gördüm, emma üýtgeºik eden iºim ýok. Üçiliºäniò içindäki gurnalýan sergilere gatnaºsamam bu ýerde-de hiç hili ýer almadym. Käbir iºlerim Metodiki fond tarapyndan uçiliºäniò haýryna alyndy. Hudožnik Ýarly aga Baýramowyò synçylygynda «Ýaº balerinalar» ady bilen çeken diplom iºim bilen bu okuw jaýyny hudožnik Daneºwar aganyò goly çekilen gan reòkli diplom bilen tamamladym. Soòra Moskwadaky Surikow adyndaky çeperçilik instituta okuwa synanyºdym. Geçmedim...
ªondan bärem öz göwnüm üçin surat çekýän. Az çekýän. Köplenç näme çekmelidigini däl-de näme üçin çekmelidigini bilemok.
Hiç hili sergilere gatnaºamok. Hiç bir galereýalarda, muzeýlerde we ºahsy kolleksiýalarda suratlarym saklananok. Hiç hili hormatly atlarym ýok. Diòe öz-özüm üçin çeken suratlarym bar. Olar hem bu ýerde, bu sahypada. Isleseòiz synlaò...
ªeýle-de kä wagt güýmenje hökmünde gülkünç fotomontažlar edýän.
Web dizaýn hem bir güýmenjäm...
Üns bereniòiz üçin minnetdar.

foTOmontaž